Aşgabat Taýwanyň 'Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini' 'ýene bir gezek' tassyklady
Azatlyk Radiosy [Unofficial]
May 20, 2026
Türkmenistan Taýwanyň ‘Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini’ ýene bir gezek’ tassyklady diýip, Daşary işler ministrliginiň 19-njy maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Onda Aşgabadyň hytaý hökümetine tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ‘ýeke-täk kanuny hökümet‘ hökmünde garaýandygy hem bellenilýär.
Türkmen DIM-i “Taýwanyň garaşsyzlygy” söz düzümini goşadyrnaga alyp, munuň bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýändigini we Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň...
Discussion in the ATmosphere